29-njy awgust, şenbe
Iň wajyp zatlara düşüniň (Flp. 1:10).
Aýdaly, siz iş gözleýärsiňiz we iki sany iş tapýarsyňyz. Siz olar barada hemme zady anyklaýarsyňyz. Meselem, näme iş etmelidigini, näçe sagat işlemelidigini, işe gidip-gelmek üçin näçe wagtyň gitjekdigini we ş. m. zatlaryň hemmesini bilýärsiňiz. Işleriň ikisem gowy. Siz haýsysyny saýlasaňyz hem Mukaddes Kitabyň prinsiplerini bozmaýarsyňyz. Siz näme edersiňiz? Belki, olaryň biri siziň arzuw edýän işiňizdir. Hatda aýlygy hem gowujadyr. Siziňem şol işe giresiňiz gelýändir. Ýöne siz karara gelmezden öň, başga-da ýagdaýlary göz öňünde tutmaly. Saýlajak işiňiz sebäpli ýygnaklardan galmaly bolarsyňyzmy? Maşgalaňyzyň Hudaýa imanyny berkitmäge, aýalyňyza, çagalaryňyza üns bermäge, olar bilen gepleşmäge we dynç almaga wagtyňyz bolarmy? Şeýle soraglar «iň wajyp zatlara düşünmäge», ýagny özüňiziň, maşgalaňyzyň Hudaý bilen dostlugyny hemme zatdan öňde goýmaga kömek eder. Şonda siz Ýehowany razy edýän karara gelersiňiz. w25.01 sah. 17, 18, abz. 11—13
30-njy awgust, ýekşenbe
Ýehowa ýüregi ýaraly adama ýakyndyr (Zeb. 34:18).
Size zorluk-sütem eden bolsalar, Ýehowanyň sizi gowy görýändigi we ýürekden söýýändigi hakda oýlanyň. Käte geçmişde bolan wakalary ýatlap, ruhdan düşeniňizde, Ýehowanyň siziň ýagşy häsiýetiňizi görendigi we dostlaşmak üçin ilkinji ädimi ädendigi hakda oýlanyň (Ýah. 6:44). Ol size kömek etmäge hemişe taýýar, sebäbi siz onuň eziz ogly, mähriban gyzy. Isa pygamber aladaçyl we mähriban Atasy Ýehowanyň göreldesine doly eýerýär. Ol ýer ýüzünde gulluk eden döwri kemsidilýän, äsgerilmeýän adamlary görende gynanýardy we mähir bilen olaryň aladasyny edýärdi (Mat. 9:9—12). Bir güni agyr keselden ejir çekýän aýal sagalmak üçin Isa pygamberiň donundan birugsat tutýar. Şonda Isa oňa käýemegiň deregine, göwünlik berýär we imany üçin öwýär (Mar. 5:25—34). Isa pygamber edil Atasy ýaly mähirlidi, aladaçyldy (Ýah. 14:9). Dogan-uýalar, Ýehowa siziň gadyryňyzy bilýär, imanyňyzy we söýgiňizi görýär. Siz muňa doly ynamly bolup bilersiňiz. w24.10 sah. 7, abz. 4, 5
31-nji awgust, duşenbe
Ýalbarýaryn, gözýaşlarymy meşigiňde sakla (Zeb. 56:8).
Dawut pygamber ajy günleri başdan geçirdi. Şonuň üçin ol köp gözýaş dökdi. Oňa dost-ýarlary, ýakynlary dönüklik etdi (1 Şam. 19:10, 11; 2 Şam. 15:10—14, 30). Dawut şeýle diýdi: «Ahy-nala çekip, gurbatym gaçdy, bütin gije aglaý-aglaý ýassygym myžžyk boldy, gözýaşlarym sil deý akyp, ýatan ýerim köle döndi» (Zeb. 6:6). Dostlary arkasyndan pyçak soksa-da, Dawut Ýehowanyň ony gowy görýändigine şübhelenmeýärdi. Ol: «Ýehowa ahy-nalamy eşider» diýdi (Zeb. 6:8). Şu günki aýatda Ýehowanyň mähir bilen edýän aladasy şahyrana sözler bilen beýan edilýär. Ol Ýehowanyň «gözýaşlaryny meşiginde saklaýandygyny... kitabyna ýazýandygyny» aýdýar. Dawut çekýän jebir-jepasyny Ýehowanyň görýändigini bilýärdi. Hawa, Ýehowa diňe bir Dawuda edilen dönükligi däl-de, eýsem onuň kalbynda, ýüreginde gopýan harasady hem görýärdi. w24.12 sah. 22, abz. 11, 12