Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Dünýäden aýry boluň
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
    • 3. a) Isa öz döwrüniň syýasy işlerine nähili garaýardy? b) Isanyň mesh edilen şägirtlerine näme üçin ilçiler diýse bolar? (Çykgyda-da seret).

      3 Isa öz döwrüniň syýasy işlerine goşulman, gökdäki hökümetiň geljekki Patyşasy hökmünde Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi (Danyýel 7:13, 14; Luka 4:43; 17:20, 21). Isa Rim hökümdary Pontius Pilatusyň öňünde durka: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl» diýdi (Ýahýa 18:36). Isanyň wepaly şägirtleri hem onuň göreldesine eýerip, Mesihe we onuň Patyşalygyna wepaly galýarlar hem-de şol Patyşalyk barada dünýä wagyz edýärler (Matta 24:14). Şonuň üçin Pawlus resul: «Biz Mesihiň ilçileridiris. Mesih tarapyndan ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!» diýdi (2 Korinfliler 5:20)a.

      4. Mesihçileriň ählisi Hudaýyň Patyşalygyny nädip goldaýarlar? («I asyrdaky mesihçiler bitaraplygy saklaýardylar» diýen çarçuwa seret).

      4 Ilçiler daşary ýurduň wekili, şol sebäpli olar bellenen ýurdunyň içeri işlerine goşulmaýarlar, çünki bitaraplygy saklaýarlar. Emma ilçiler öz watanynyň bähbidini goraýarlar. Mesihiň mesh edilen şägirtleri barada-da şeýle diýse bolar, sebäbi olaryň «raýatlygy göklerdedir» (Filipililer 3:20). Olar Patyşalyk barada yhlasly wagyz edip, Mesihiň millionlarça «başga goýunlaryny» «Hudaý bilen ýaraşdyrýarlar» (Ýahýa 10:16; Matta 25:31—40). Başga goýunlar bolsa Isanyň mesh edilen doganlaryna kömek edýärler. Olaryň ikisi-de bir süri bolup, Mesihi Patyşalygyň bähbidini goraýarlar we dünýäniň syýasy işlerine goşulman doly bitaraplygy saklaýarlar (Işaýa 2:2—4-nji aýatlary okaň).

  • Dünýäden aýry boluň
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
    • a Mesih b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden bäri ýerdäki mesh edilen şägirtlerinden ybarat bolan ýygnagyň Patyşasy bolup gulluk edýär (Koloslylar 1:13). 1914-nji ýylda Mesih «dünýä patyşalygynyň» üstünden höküm sürüp başlady. Diýmek, mesh edilen mesihçiler häzirem Mesihi Patyşalygyň ilçileridir (Ylham 11:15).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş