Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Şu gün
Aprel
Her günki aýady okalyň — 2026

30-njy aprel, penşenbe

Ýehowa günäňi geçýär, sen ölmersiň (2 Şam. 12:13).

Ýehowa örän rehimdar Hudaý. Ol «hemme adamlaryň halas bolmagyny isleýär» (2 Pet. 3:9). Taryha ser salyp, käbir wakalar hakda gürrüň edeliň. Dawut patyşa zyna edýär we bigünä adamyň ganyna galýar. Emma günäsine ýürekden toba edende, Ýehowa oňa rehim edýär (2 Şam. 12:1—12). Manaşa patyşa barypýatan zalym adamdy. Emma ol erbet işlerine ökünende, Ýehowa bagyşlaýar (2 Tar. 33:9—16). Şu wakalardan görşümiz ýaly, Ýehowa degerli sebäp tapsa, günäkäre rehim edýär. Diýmek, hak Alla agyr günäsine toba eden adamlary gelejekde direlder. w24.05 sah. 4, abz. 12

27 aprel—3 maý
Durmuş we wagyz. Okuw depderi — 2026 | mart

27 APREL—3 MAÝ

IŞAÝA 56, 57

12-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min).

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Ýehowa Hudaýa sežde edýänler bagtlydyr

(10 min).

Buta sežde edýän adamyň dadyna ýetişen bolmaz (Işa 57:13; ip-2 bap 18, abz. 14—16).

Ýehowany tanamaýan adam dawaçyl we dargursak bolýar (Işa 57:20; w18.06 sah. 7, abz. 16).

Erbetlik edýän adamyň kalby rahatlyk tapmaz (Işa 57:21).

Iki uýa şatlanyp wagyz edýär.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Men Ýehowa bilen dostlaşanymdan soň özümi bagtly duýýarynmy?»

2. Dürdäne pikirler

(10 min).

  • Işa 56:6, 7. Şu aýatdaky pygamberlik nädip berjaý bolýar? (w07 15/1 sah. 10, abz. 3; w06 1/11 sah. 27, abz. 1).

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min). Işa 56:4—12 (th sapak 5).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min). MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Ýygnakda halan pikiriňizi adama gürrüň beriň (lmd sapak 2, abz. 4).

5. Imanyňyz hakda gürrüň beriň

(5 min). Nutuk (ijwbq 90). Tema: «Dini guramanyň agzasy bolmak hökmanmy?» (th sapak 16).

6. Şägirt taýýarlaň

(4 min). lff sapak 19, abz. 4 (lmd sapak 11, abz. 3).

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

58-nji aýdym

7. Ýehowany hemişe şöhratlandyryň

(15 min). Söhbetdeşlik.

Adamlaryň maslahat salara geňeşçisi ýok, durmuşynda many we ýagty gelejege umydy ýok. Olar şonda-da hoş habary diňlemeýär. Sebäbi köp adamlar Mukaddes Kitabyň durmuşyny üýtgedip, janyna şypa berjegini bilmeýär. Adamlar bizi diňlemeseler, ruhdan düşmäliň, sebäbi durmuşda käte aşakda getirilen ýagdaýlar ýüze çykýar (Nes 11:6).

  •  Göçhä-göçlük. Adamlar jaýyny satýar ýa-da täze goňşular göçüp gelýär.

  •  Başga adam bilen gürrüňdeşlik. Belki, indiki sapar gapyny öý eýesi däl-de, garry ene-atasy, ýaşy ýeten ogul-gyzy ýa-da öýe gelen myhman açar.

  •  Durmuş üýtgeýär. Käbir adamlaryň durmuşy göz açyp-ýumasy salymda üýtgeýär ýa-da pajygaly ýagdaýa duş gelýär (1Tm 1:13). Şeýle agyr günlerde her bir adam hoş sözlere mätäç bolýar.

  •  Yhlasly bolsak, Ýehowa bolan söýgimiz şöhle saçar. Biz yhlasly wagyz etsek, Ýehowany söýýändigimizi subut ederis (Luk 6:45; 1Ýh 5:3).

«Ýehowa „hiç kimden uzakda däldir“» diýen wideodan parça. Uýa kafede, çaýhanada bir gelne kitapça berýär.

«Ýehowa „hiç kimden uzakda däldir“» diýen WIDEONY görkeziň. Soňra şu soragy beriň:

  •  Wagyzda yhlasly bolmaga näme kömek edýär?

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

(30 min). lfb sapak 80, 81

Jemleýji sözler (3 min) | 28-nji aýdym we doga

Mazmuny
Garawul diňi (Ýygnak üçin) 2026 | fewral

Makala (27 aprel, 2026—3 maý, 2026)

20 Suwa çümdürilenden soň boljak synaglara taýýarlanyň

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2026 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş